«Bayerische Motoren Werke AG» (BMW) awtoulag konserni ABŞ-da gysga utgaşma töwekgelçiligi sebäpli 720,8 müň ulagyny yzyna çagyrýar diýip, ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasyna (NHTSA) salgylanýan «Interfax.ru» habar berdi. Habarda sowadyjy ulgamdaky ýalňyş saralan elektrik geçirijisine suw degip, gysga utgaşma ýüze çykyp biler diýlip duýdurylýar.
BMW kompaniýasyna müşderileriň eýýäm 18-sinden arzlar gelip gowuşdy. Şeýle-de geçen hepdäniň aýagynda bu awtoulag öndürijisiniň «Takata» ýapon önümçilikçisiniň howpsuzlyk ýassyklary sebäpli Hytaýda ýerlenen 1,36 million ulagyny yzyna çagyrandygy belli boldy. Şunda 2003-2017-nji ýyllarda öndürilen awtoulaglar yzyna çagyrylýar diýip, HHR-iň bazary sazlaşdyrmak boýunça Döwlet edarasy habar berdi.