Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Rais Rustam Minnihanow bilen Kazan Kremlinde ýaýbaňlandyrylan Pasha baýramçylygynyň dabaralaryna baryp gördüler.
Dabaralarda Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň teatr we tomaşa jaýlarynyň wekilleri görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirýärler, amaly-haşam sungatynyň eserleri sergilenýär.
Tatarysanyň Baştutanynyň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Gurbanguly Berdimuhamedow dabaralaryň çäklerinde Russiýanyň Mariniskiý teatrynyň çeper ýolbaşçysy we müdiri, Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany Waleriý Gergiýew bilen söhbetdeş boldy. Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar medeni gatnaşyklary, iki halkyň sungatda gazanan üstünlikleri dogrusynda pikir alşyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri görnükli sungat ussadyny Türkmenistanda geçirilýän medeni çärelere gatnaşmaga çagyrdy. W.Gergiýew öz gezeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna täsirli duşuşyk we bildirilen hormat üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Ozal habar berşimiz ýaly, şu günler Kazanda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XV halkara ykdysady forumy geçirilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu foruma hormatly myhman hökmünde çagyryldy.