Soňky habarlar

Arhiw

Olimpiýa alawy Fransiýa eltildi

10:3910.05.2024
0
8120
Olimpiýa alawy Fransiýa eltildi
Surat: 24.kz

Olimpiýa alawly fransuz ýelkenli gämisi Gresiýanyň Pireý portundan Marsel şäherine bardy diýip, «24KZ» habar berýär.

Olimpiýa oýunlarynyň geçjek ýurduna ýanýan alawly gap ilkinji gezek deňiz arkaly iberildi. Indi alawy bütin Fransiýanyň jümmüşinden geçirerler. Estafeta 68 gün dowam eder we Parižiň meýdanlarynyň birinde ýakylmak bilen tamamlanar.

Alawy ilkinji kabul etjek 2012-nji ýylda olimpiýa çempiony bolan Floran Manodu bolar. Estafeta 10 müň töweregi adam gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň