Soňky habarlar

Arhiw

«Şir Ýag» çalgy ýaglaryny öndürýän türkmen kärhanasy daşary ýurtly alyjylary hyzmatdaşlyga çagyrýar

10:1010.05.2024
0
12266

Türkmenistanda «Şir Ýag» haryt nyşanly çalgy ýaglaryny öndürýän «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti amatly bahalardan ýetirilýän ýokary hilli önümlere gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.

Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan kärhana 25 000 inedördül metr meýdany eýelemek bilen, her günde 80 tonna önüm öndürmäge, bir ýylda bolsa 20 000 tonna önümçilik kuwwatyna eýedir.

«Şir Ýag» haryt nyşany bilen giň haryt görnüşleri hödürlenýär — olar dürli hereketlendirijileriň we mehanizmleriň özboluşly işleýiş aýratynlyklaryny göz öňünde tutup işlenip düzülen 25 görnüşli çalgy ýaglaryndan ybaratdyr.

Kärhanada köp tapgyrly hil gözegçiligi amala aşyrylýar. Ähli çalgy ýaglary kärhananyň öz tejribehanasynda synagdan geçirilýär, bu bolsa olaryň halkara ülňülere laýyk gelmegini kepillendirýär.

«Şir Ýag» motor ýaglarynyň önümçiliginde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alnan ýokary hilli çig maldan peýdalanylýar.

«Asuda akym» HJ-niň önümleri bahasynyň hiline gatnaşygy babatda amatlydygy bilen tapawutlanýar. Munuň özi lomaý, şonuň ýaly-da bölekleýin alyjylar üçin örän ähmiýetlidir.

«Asuda akym» kärhanasy eksport iş ugruny işjeň ösdürmek bilen, daşary ýurtlardan ygtybarly hyzmatdaşlary gözleýär. Bu babatda kärhana amatly hyzmatdaşlyk şertlerini teklip edýär, çeýe nyrh syýasatlaryna we her bir müşderä aýratyn çemeleşmäge taýýardygyny mälim edýär.

Habarlaşmak üçin:

  • ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Täçmämmet Suhangulyýew köçesi, 43-nji jaý;
  • telefon belgisi: (+993 61) 41 32 72;
  • web saýty: siryag.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň