Soňky habarlar

Arhiw

Ýeňiş paradynda Putiniň ýanynda oturanlaryň kimlerdigi belli boldy

09:3610.05.2024
0
8414
Ýeňiş paradynda Putiniň ýanynda oturanlaryň kimlerdigi belli boldy
news.rambler.ru

9-njy maýda Moskwada geçen Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly ýöriş wagty Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň iki tarapynda oturan weteranlaryň kimlerdigi belli boldy diýip, «Readovka.News» neşirine salgylanýan «Rambler.ru» ýazýar. Olaryň biri meşhur mergen Aleksandra Aleşinadyr. Aleşina Moskwany faşistlerden goramaga gatnaşypdyr we front üçin birnäçe müň mergen atyjylary taýýarlapdyr.

Uruş başlananda, 17 ýaşy dolan Aleşina şu ýylyň fewralynda 100 ýaşapdyr.

RF-niň döwlet Baştutanynyň beýleki tarapynda 100 ýaşly weteran, meşhur frontçy Ýewgeniý Kuropatkow bolup, ol Stalingradyň etegindäki aldym-berdimli söweşlere gatnaşypdyr.

Russiýanyň paýtagtyndaky Ýeňiş gününiň dabaralaryna Belarussiýanyň döwlet Baştutany Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň döwlet Baştutany Şawkat Mirziýoýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Kubanyň döwlet Baştutany Migel Dias-Kanel, Laosyň Prezidenti Thonglun Sisuli we Gwineýa-Bisaunyň Prezidenti Umaru Sisoku Embalo hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň