Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy

13:3209.05.2024
0
12989

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça iş sapary bilen Moskwa bardy. Türkmen döwletiniň Baştutany hormatly myhman hökmünde 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy.

Daşary ýurtlaryň döwlet ýolbaşçylary bilen bilelikde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş paradyndan soň Moskwadaky "Baky otda" Näbelli esgeriň mazaryna gül goýmak çäresine gatnaşdy. Çäräniň dabaraly bölegine Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýolbaşçylyk etdi.

Dabara şeýle-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Kubanyň Prezidenti Migel Dias-Kanel Bermudes, Laos Halk Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Thonglun Sisulit we Gwineýa-Bisaudan Omar Sissok Embalo gatnaşdylar.

Prezident polkunyň harby işgärleri "Baky otda" gyzyl gül dessesini goýdy. GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary soňra gyzyl gülleri goýdular we uruşda wepat bolanlaryň hatyrasyna dymyşlyk bilen hormat bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň