Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Penjabyň arasyndaky söwdany ösdürmek meseleleri maslahatlaşyldy

12:3109.05.2024
0
11168

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow 8-nji maýda Lahorda Penjap welaýatynyň premýer-ministri Merýam Nawaz Şerif bilen duşuşdy. Duşuşykda Penjap bilen Türkmenistanyň arasynda maýa goýumlaryny we söwdany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Marýam Nawaz Penjap welaýatynda energiýa, senagat, maldarçylyk we oba hojalygy üçin ägirt uly maýa goýum mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Şeýle hem ol söwdanyň dokma, derman önümleri, oba hojalygy we maldarçylyk ýaly pudaklarda giňeldilip bilinjekdigini belledi. Bu barada «Nation» gazetinde habar berilýär.

Atajan Möwlamow söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge we Pakistana maýa goýumlaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirdi.

Penjap Pakistanyň ykdysady taýdan iň ösen welaýatydyr. Suwaryş kanallary ulgamy Penjaby möhüm oba hojalygyna öwürýär. 2024-nji ýylyň fewralynda sebite ýolbaşçylyk etmek üçin saýlanan Merýam Nawaz Şerif Pakistanyň taryhynda ilkinji aýal premýer-ministr boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň