Soňky habarlar

Arhiw

Ýaşlykdan asmana göterilmek: Aşgabatda «Awiator» awiamodelirleme okuwlaryna ýazylyşyk açyldy

11:3809.05.2024
0
15755

Çagaňyz asman hakynda arzuw edýärmi? «Awiator» awiamodelirleme okuwlary bilen onuň üçin awiasiýa dünýäsini açyň. Bu okuw 7 – 16 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenendir.

Bu maksatnamada nazary sapaklar göz öňünde tutulandyr, onda çagalar uçar gurluşygynyň esaslary bilen tanyşarlar, awiasiýanyň taryhyny, uçaryň gurluşyny, onuň işleýiş ýörelgelerini öwrenerler we uçardaky howpsuzlyk düzgünleri bilen tanyşarlar.

Mundan başga-da, «Awiator» okuwynyň çäklerinde çagalara amaly sapaklar garaşýar, onuň dowamynda olar öz uçar nusgalaryny ýygnap bilerler. Modelirleme üçin ähli zerur materiallar berilýär we okuwyň bahasyna goşulýar.

1,5 aýlyk gyzykly sapaklar hepdede 2 gezek geçiler 2 sagat dowam eder – şeýlelikde, çagaňyz diňe bir täze güýmenje edinmän, eýsem:

- giňişlikde pikirlenmek we ownuk motorika ukyplaryny ösdürer

- fizikanyň we mehanikanyň esaslaryny öwrener

- tehnika we ylma bolan söýgi dörär

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Atatürk köç., 61;
  • telefonlar: (+993 71) 14 17 81, (+993 71) 14 17 80;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň