Owganystan 64 million dollarlyk türkmen elektrik energiýasyny import etdi

09:1409.05.2024
0
4576

Owganystan şu ýylyň dowamynda goňşy ýurtlardan — Özbegistandan, Türkmenistandan, Täjigistandan we Eýrandan satyn alynýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» («DABS») energetika kompaniýasy habar berdi.

«DABS-yň» beýannamasynda bellenilişine görä, owgan senenamasy boýunça geçen ýylda (1402-nji Gün ýyly) goňşy ýurtlardan 5,76 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny import edipdir. Agzalan ýurtlar bilen baglaşylan ylalaşygyň esasynda şu ýylda bu görkezijini 6,7 milliard kilowat/sagada çenli ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär.

«TOLOnews-iň» kompaniýa salgylanyp berýän habaryna görä, Owganystan ýerli senenama boýunça geçen ýylda Özbegistandan 105 million amerikan dollarlyk, Täjigistandan 71 million amerikan dollarlyk, Türkmenistandan 64 million amerikan dollarlyk, Eýrandan bolsa 48 million amerikan dollarlyk elektrik energiýasyny import edipdir.

«2023-nji ýylda elektrik energetikasy pudagynda umumy bahasy 3 milliard owganydan (ýurduň milli pul birligi) gowrak 104 sany taslama boýunça ylalaşyk gazanyldy» diýlip, «DABS-yň» beýannamasynda bellenilýär.

Gol çekişilen taslamalaryň arasynda Balh welaýatynyň Çamtal etrabyndaky podstansiýanyň durkunyň täzelenmegi, Şibergan — Deşt — Alwan elektrik üpjünçiligi taslamasynda galan işleriň tamamlanmagy, Nur-ul-Jihad podstansiýasynyň gurulmagy, şeýle-de 220 kilowoltly Gazni — Kandahar elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy bar.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirilýän Hyratdaky Nur-ul-Jihad podstansiýasyny döwrebaplaşdyrmak taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň Demirgazyk-günbatar böleginde elektrik ýetmezçiligini azaltmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň