Türkmenistanyň Prezidenti iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady

18:1808.05.2024
0
15358

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady.

Paýtagtyň Halkara howa menzilinde hormatly Prezidenti resmi adamlar ugratdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň Russiýa Federasiýasyna şu gezekki sapary häzirki döwürde täze itergi berlen we many-mazmun bilen baýlaşdyrylan netijeli döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösüş ýolundaky nobatdaky ädimdir.

1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy bilelikdäki taryhyň unudylmajak esasy sahypalarynyň biridir. Uruş ýyllarynda söweşlerde we tylda görkezilen beýik edermenlik, mertlik, deňsiz-taýsyz gahrymançylyk biziň halklarymyzyň hakydasynda ebedilik galdy. 9-njy maý – Ýeňiş güni Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halklaryny birleşdirýän taryhy ähmiýetli senedir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş mynasybetli guralýan dabaralara yzygiderli gatnaşmagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň