TFÇ ― 2024: «Aşgabat» «Şagadamy» ýeňip, bäşinji orna çykdy

17:5008.05.2024
0
8702

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň çäginde düýn paýtagtyň «Nusaý» stadionynda «Şagadamy» kabul eden «Aşgabat» möwsümde bäşinji ýeňşini gazandy.

13-nji tapgyryň çäginde geçirilen duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 39-njy minutda Şatlyk Gurbanow geçirdi. «Aşgabada» nobatdaky ýeňşini getiren futbolçy möwsümdäki gollarynyň sanyny hem 5-e çykaryp, iň netijeli oýunçylaryň sanawynda ilkinji dörtlüge girmegi başardy.

Gazanylan ýeňiş «Aşgabady» ýaryş tertibinde bäşinji orna göterdi. Indi «Aşgabadyň» 16, altynjy orundaky «Şagadamyň» bolsa 15 utugy bar.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň Ýokary ligasynyň 13-nji tapgyry şu gün geçiriljek «Köpetdag» ― «Merw», «Ahal» ― «Arkadag» we «Nebitçi» ― «Altyn asyr» duşuşyklary bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň