«Sarayan» HJ Ibragim Ibadowyň «Duman» atly aýdymynyň klipine gatnaşdy

16:5908.05.2024
0
13329

«Sarayan» HJ ýaş aýdymçy Ibragim Ibadowyň «Duman» atly aýdymynyň klipine gatnaşdy.

Bu taslama Ibragim üçin hem, «Sarayan» hem üçin täze tapgyra öwrüldi.

24 ýaşly Ibragim Ibadow «Check» and «Keyfdəyəm» atly hit aýdymlary bilen Türkmenistanda tanalýan geljegi uly aýdymçy. Onuň kliplerine «YouTube-da» 100 000-e çenli tomaşa edilýär.

Ibragim Türkmenistanda ýerli mahabaty aýdym-saz kliplerine girizip başlan ilkinji aýdymçylaryň biridir. Ol «Sarayan» HJ-niň iş eşikleriniň ýük awtoulagynda daşalýandygyny görkezmek bilen, «Duman» atly aýdymyna mahabaty girizdi.

Şeýlelikde, Ibragim aýdym-saz kliplerinde mahabat integrasiýasynyň mümkinçiliklerini görkezmek isledi. Bu artistlere öz pikirlerini durmuşa geçirmäge, telekeçilere bolsa öz kompaniýasyny ýa-da önümini tanatmaga mümkinçilik berýär.

«Sarayan-yň» meniň taslamamy goldaýandygyna begenýärin. Bu hyzmatdaşlyk meniň üçin täze tejribe boldy we ol iki tarap üçinem netijeli bolar diýip umyt edýärin» diýip, Ibragim belledi.

«Duman» klipi eýýäm «YouTube-da» elýeterlidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň