Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Aşgabada geldi

10:2108.05.2024
0
4723

7-nji maýda Türkmenistanyň DIM-de ministriň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, taraplar Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtamak bilen, medeniýet ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary belläp geçdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýanyň medeniýet-sungat işgärleriniň bilelikde işjeň gatnaşýan çäreleriniň ähmiýeti dogrusynda aýdyldy. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň gatnaşmagyndaky medeni dialogyň aýdyň mysaly hökmünde Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän Wena balyny we «Galkynyş» Türkmen-Awstriýa simfoniki orkestriniň konsertlerini görkezmek bolar.

Şeýle-de söhbetdeşler türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärelere awstriýa tarapynyň gatnaşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň