«Rowachlan Galkynysh» köpugurly we tygşytly polipropilen «ýeňlerini» hödürleýär

09:4208.05.2024
0
9099

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy azyk we azyk däl önümler üçin amatly bolan «Rowachpack» haryt nyşanly gaplama önümleriniň giň toplumyny hödürleýär. Bu gaplama önümlerini azyk we beýleki maksatlar üçin ulanmak örän ýerliklidir.

Önümleriň hatarynda — polipropilen «ýeňler» hem bar. Olar köpugurlylygy, çydamlylygy we ulanylyşynyň aňsatlygy üçin gymmatlydyr.

Satyn alyjylar bu babatda dokma önümini kesmek ýa-da spaýki usuly arkaly ýeňlerden gerekli ululykdaky gaplamalary özbaşdak döredip bilerler.

«Rowachpack» «ýeň» gaplamalarynyň özboluşly aýratynlyklary: ini 40 sm-den 200 sm çenli, dykyzlygy 48-den 180 g/m2-e çenli bolýar. Her dolanan önüm agramy we şekilleri bilen bellik edilýär.

Polipropilenden öndürilýän bu «ýeňleriň» ulanylmagy gaplamak üçin sarp edilýän çykdajylary amatlaşdyrmaga mümkinçilik berýär, sebäbi olar elýeterli nyrhlardan ýetirilýär.

«Rowachpack» — ýokary hilli gaplama bolup, önümiň saklanylyşynyň we daşalmagynyň ähli tapgyrynda önümleriňiziň howpsuzlygyny üpjün eder.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin salgylary:

  • telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69 hem-de (+993 12) 29 29 69;
  • elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com;
  • sosial media ulgamyndaky salgysy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň