Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen ekologiýa boýunça halkara maslahata gatnaşdy

15:5807.05.2024
0
9424

6-7-nji maýda Daşkentde howanyň üýtgemegi we oňa uýgunlaşmak boýunça halkara maslahat geçirildi. Oňa türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Maslahatyň maksady howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly çärelerini öňe ilerletmekden, bu ugurdaky mehanizmleri ösdürmek üçin çemeleşmeleri we mümkinçilikleri hödürlemekden, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynda Milli uýgunlaşma meýilnamalaryny taýýarlamakda toplanan tejribeler barada habardarlygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Bu çärä Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we döwlete degişli bolmadyk guramalarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara ösüş agentlikleriniň we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ugrunda işleýän maliýe guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda bellenilip geçilişi ýaly, howa üýtgeýär we onuň netijeleri eýýäm görnetin duýulýar. Häzirki wagtda ösüp barýan ýurtlaryň köpüsi howanyň üýtgemeginiň täsirinden ejir çekýärler, şol bir wagtyň özünde olarda uýgunlaşmak üçin ýeterlik sosial, tehnologiki we maliýe serişdeleri ýok. Millionlarça adam eýýäm suw we azyk ýetmezçiligi, şeýle hem ilatyň saglygyna howp salýan howanyň ýaramazlaşmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynda bolsa howanyň üýtgemegi bilen bagly kynçylyklar has ýiti duýulýar. Sebitde howanyň temperaturasy planetadaky ortaça maýlamadan 1,7 esse çalt ýokarlanýar, bu bolsa şonsuz hem soňky 50 ýylda tutýan meýdany 32 göterim azalan buzluklaryň has-da tiz eremegine getirýär.

Ýokarda agzalanlar bilen baglylykda, «ýaşyl ykdysadyýete» geçmegiň we howanyň üýtgemegine garşy göreşiň, onuň ýaramaz netijelerini azaltmagyň, atmosfera howasyny goramagyň döwlet tarapyndan amala aşyrylmaly özgertmeleriň çäginde ileri tutulýan ugurlardygy barada bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň