HHR-iň Başlygy Si Szinpin Fransiýa döwlet saparyny amala aşyrdy

13:1107.05.2024
0
9830

Geçen ýekşenbede Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin döwlet sapary bilen Pariže bardy diýip, «Kazinform» habar berdi.

Saparyň dowamynda Szinpin Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Ursula fon der Lýaýen bilen gepleşikleri geçirdi.

Üç taraplaýyn duşuşygyň dowamynda Hytaýyň döwlet Baştutany öz ýurdunyň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklara strategiki we uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklaryň nukdaýnazaryndan garaýandygyny nygtady.

Sinpin şeýle-de soňky ýyllarda Hytaý bilen Fransiýanyň arasynda awiasiýa, kosmonawtika, atom energiýasy, oba hojalyk we «ýaşyl» ösüş pudaklarynda gatnaşyklaryň işjeňleşýändigini belledi.

Ýurtlar howanyň üýtgemegi, biodürlüligi goramak we ählumumy dolandyryşy kämilleşdirmek ugurlarynda ýygjam gatnaşyk saklaýarlar. Fransiýada Hytaýyň medeniýet we jahankeşdelik ýylynyň çäklerindäki dabaralar dowam edýär.

Hytaýyň Lideriniň Fransiýa sapary iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýol goýulmagynyň 60 ýyllygyna gabatlandy.

Szinpiniň Ýewropa saparynyň dowamynda indi Wengriýa we Serbiýa barjakdygy habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň