Fransuz çörekçileri dünýäde iň uzyn baget nany taýýarladylar

10:5507.05.2024
0
8831
Fransuz çörekçileri dünýäde iň uzyn baget nany taýýarladylar
Surat: ria.ru

Fransiýaly çörek bişirijler dünýäde iň uzyn baget çöregini bişirdiler diýip, «24KZ» haabr berdi. Netijede, uzynlygy 140 metrlik bulka Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ol adaty çörekden 235 esse uzyndyr.

Bageti bişirmek üçin 12 çörekçi 8 sagatlap zähmet çekdi. Olar diňe bugdaý ununy, suw, hamyrmaýa we duz ulandylar.

Çöregiň taýýarlanyşyny synlamaga köp adam ýygnandy. Guramaçylar çöregi öýsüzlere paýlamakçy.

Öň bu ugurda italiýaly çörekçiler 2015-nji ýylda rekord goýdular. Olar 122 metrlik çörek bişirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň