«Nebitmaş» DK ýyladyş we gyzgyn suw üpjünçiligi üçin gaz peçlerini öndürýär

10:2707.05.2024
0
10057

«Nebitmaş» döwlet kärhanasy gaz bilen ýyladyş üçin niýetlenen hem-de suw gyzdyryjy peçleri öndürýär.

Uzak ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplan kärhana tarapyndan öndürilýän ýyladyş we suw gyzdyryjy gaz peçleri görnüşine baglylykda, meýdany 2000-den — 20 000 inedördül metre çenli bolan ýaşaýyş jaýlaryny ýa-da senagat desgalaryny ýyladyp bilýär.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň kuwwatly we ygtybarly gaz peçleri ýokary netijeliligi, berkligi hem-de tehniki hyzmatynyň ýeňilligi esasynda Türkmenistanyň içerki bazarynda iň bir ynamdar önüm hökmünde meşhurlyga eýe boldy.

Bu önümleriň giň haryt görnüşleri her bir müşderiniň öz islegine laýyk gelýän ýyladyş pejini saýlap almagyna mümkinçilik döredýär:

• peçleriň uzynlygy — 1750-den 3850 mm-e çenli;
• ini — 900-den 1800 mm çenli;
• beýikligi — 1050-den 1920 mm-e çenli;
• peçlerdäki basyş derejesi 0,6 Mpa barabar;
• suwuň iň ýokary temperaturasy — 95 dereje.

Has anyk we giňişleýin maglumatlary almak üçin şu görkezilen telefon belgileri arkaly ýüz tutup bilersiňiz: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69. Faks: (+993 12) 76 02 25.

«Nebitmaş» DK-nyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň