Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

06:2907.05.2024
0
11571

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de ýurduň welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda we sebitlerinde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda 2024-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş almak, hatarara bejergi, ýekelemek we otamak işleri alnyp barylýar. Bu ugurda ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär.

Bugdaý ekilen ýerlerde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary, hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglary hem-de beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanynyň ilaty ýurtda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp, welaýatlaryň ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň dowam etdirilýändigi barada hem aýdyldy.

Hasabatlarda pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleriniň alnyp barylýandygy barada-da aýdyldy.

Häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hem hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da, gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany häkimlere Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem tabşyrdy.

Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hasabatda Lebap we Mary welaýatlarynda pile hasylyny ýygnamak işleriniň alnyp barylýandygy barada hem aýdyldy.

Hasabatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy we Halk Maslahatynyň Başlygyny ýetip gelýän 9-njy maý – Ýeňiş güni bilen ýurduň oba hojalyk toplumynyň işgärleriniň adyndan gutlady hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklary arzuw etdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurduň gowaça hem-de bugdaý meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň bellenen agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyna ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany şeýle hem galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur taýýarlyk işleriniň geçirilmegini tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň