Soňky habarlar

Arhiw

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki toplumda 2 million manatlykdan gowrak önüm öndürildi

09:1206.05.2024
0
5569

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki «Şaýoly» oba hojalyk toplumynda maldarçylyk önümlerini öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolunýar. Muňa 2024-nji ýylyň geçen dört aýynda Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky bu toplumda idedilýän iri şahly mallardan süýt almakda gazanylan netijeler hem aýdyň şaýatlyk edýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň geçen dört aýynda toplum boýunça 2 million 140 müň manat möçberinde önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 107,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Mallardan alynýan süýt sarp edijilere — degişli döwlet kärhanalaryna bökdençsiz ugradylýar. Kärhanada iri şahly mallary ýokumly iýmler bilen dok we kadaly iýmitlendirmegiň hasabyna alynýan önümiň möçberini has-da artdyrmak boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň