Soňky habarlar

Arhiw

4-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary

11:5204.05.2024
0
9160

Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna Prezidentiň adyndan sowgatlar gowşurylar, ýanwar – aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3% boldy, Türkmenbaşyda iň köp energiýa tygşytlaýan mekdep sylaglandy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak hakynda Permana gol çekdi. Döwlet Baştutany welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimliklerine sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy. Ozal Türkmenistanyň Prezidenti 9-njy maýda Ýeňiş gününe bagyşlanyp Aşgabatda we welaýatlarda geçiriljek dabaralary ýokary derejede guramak barada görkezmeleri beripdi.

2. Şu ýylyň dört aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurtda jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artdy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,1 göterim ýokarlandy.

3. 5-6-njy iýunda Arkadag şäherinde geçiriljek «Energetikany ösdürmegiň geljegi, täze tehnologiýalar we uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik taraplary» atly halkara ylmy maslahata gatnaşmak üçin hasaba alyş işleri açyldy. Maslahata gatnaşyjylar gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we Türkmenistanyň energetika pudagyny ekologiýa taýdan has arassa tehnologiýalara diwersifikasiýa etmek pudagynda bolup biljek maýa goýum taslamalary bilen tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik alarlar.

4. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýakyn wagtda okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň we raýatlaryň zähmet rugsadynyň başlanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow ähli jogapkär ýolbaşçylara ilatyň dynç almagy üçin degişli şertleri üpjün etmek bilen, tomus möwsümine talabalaýyk taýýarlanmagy tabşyrdy.

5. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Belarus Respublikasynyň ilçihanasy hemmeleri «Brest galasy» atly çeper filmiň ýörite görkezilişine çagyrýar. Bu çäre Beýik Ýeňşiň 79 ýyllygyna bagyşlanýar. Urşuň ilkinji günlerinde Brest galasynyň gahrymançylykly goragy barada gürrüň berýän rowaýata öwrülen bu filmiň görkezilişi 2024-nji ýylyň 6-njy maýynda 18:00-da «Aşgabat» kinoteatrynda bolar. Görkezişe giriş hemmeler üçin mugt.

6. Aşgabatda her ýyl geçirilýän «Ýylyň mugallymy» we «Ýylyň terbiýeçisi» atly pedagogiki ýaryşyň jemi jemlendi. «Ýylyň mugallymy – 2024» diýen hormatly ada Daşoguz şäherindäki 29-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Jennet Annamämmedowa mynasyp boldy. «Ýylyň terbiýeçisi – 2024» ady Aşgabatdaky 103-nji çagalar bagyndan Güljahan Kuliýewa berildi. Ol mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim bermekde öňdebaryjy usullary ulanmak bilen tapawutlandy.

Dünýäde

7. Kezzaplar ynanjaň sarp edijileri aldamagyň täze usulyny öwrendiler. Olar emeli aňyň kömegi bilen pişigiň ýüzüne meňzeýän gülleriň hakyka meňzeş şekillerini döretdiler we häzirki wagtda bu «ösümlikleriň» tohumlaryny satýarlar. «Cats Eye Dazzle» diýlip atlandyrylan we aslynda bolmadyk bu gülüň tohumlary eýýäm kanuny onlaýn platformalarda satyn almak üçin elýeterlidir. Bu gülleriň ilkinji suratlary sosial ulgamlaryň birinde peýda boldy. Daşky keşbi bilen özüne çekiji ösümlikler hakykatdanam gara gözli we burunly pişigiň ýüzüne meňzeýär. Öň näbelli bolan bu owadan güller ulanyjylary derrew özüne çekdi. Şeýle-de bolsa, bu «pişikleri» ösdürip ýetişdirmek asla mümkin däldir.

8. «Warner Bros.» we «New Line Cinema» studiýalary «Ostin Pauers» atly içaly hakyndaky komediýanyň dördünji bölüminiň üstünde işlenilýändigini resmi taýdan tassykladylar. Režissýoryň oturgyjyny ýene-de taslamanyň öňki filmlerini döreden Jeý Rouç eýeleýär, şeýle hem ol «Ene-ata bilen tanyşlyk», «Samsyklar bilen agşamlyk» we «Trambo» ýaly filmler bilen meşhurdyr. Franşizanyň «Ostin Pauers: Halkara derejesindäki syrly adam» atly ilkinji filmi 1997-nji ýylda çykdy we derrew tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Ondan soň iki sikwel filmi döredildi: «Ostin Pauers: Meni maýyl eden içaly» (1999) we «Ostin Pauers: Goldmember» (2002).

Sport habarlary

9. 20 ýaşly türkmen türgeni Serdar Rahymow Duşenbe şäherinde geçirilýän «uly tuwulga» ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Serdar Rahymow çempionlyga barýan ýolda bäş tutluşykda ýeňiş gazandy we finalda täjigistanly Obid Jebowy ýeňlişe sezewar etdi. Türkmenis dzýudoçylary iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin utuklary toplamagy dowam edýärler. 19 – 24-nji maý aralygynda Abu-Dabi şäherinde geçiriljek dünýä çempionaty Olimpiýada saýlama tapgyrynyň soňky tapgyry bolup hyzmat eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň