Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçy Serdar Rahymow Duşenbe şäherinde geçirilen «uly tuwulga» ýaryşynda altyn medala mynasyp boldy

22:3803.05.2024
0
15584

20 ýaşly türkmen türgeni Serdar Rahymow Duşenbe şäherinde geçirilýän «uly tuwulga» ýaryşynda («Dushanbe Grand Slam-2024») 66 kilograma çenli agram derejede altyn medala mynasyp boldy.

Serdar Rahymow çempionlyga eltýän ýolda bäş tutluşykda ýeňiş gazandy. Ol birinji aýlawda mongoliýaly Býambasuren Ulziibaýardan, ikinji aýlawda kanadaly Juliýen Fraskadordan, soňra bolsa ýer eýelerine wekilçilik edýän Mulorajab Hakifaýewden hem-de özbegistanly Bobur Wajiýewden üstün çykdy. Türkmen türgeni finalda täjigistanly Obid Jebowy ýeňlişe sezewar etdi.

Serdar ilkibaşda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynda özüniň ilkinji tälimçisi Baýram Şerepowyň golastynda dzýudo bilen meşgullanyp başlaýar. Ol häzirki wagtda ýaponiýaly hünärmen, Kodokan dzýudo boýunça 7 danyň eýesi Kazuhiko Tokunonyň tälim bermeginde Türkmenistanyň milli ýygyndysynda çykyş edýär.

Türkmenistanly dzýudoçy iri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýollanmak almak üçin reýting utuklaryny toplamagy dowam edýär. Olimpiýada saýlama tapgyrynyň soňky tapgyry bolup, 19 – 24-nji maý aralygynda Abu-Dabi şäherinde (BAE) geçiriljek dünýä çempionaty hyzmat eder.

Fransiýanyň paýtagtynda geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlary 26-njy iýulda başlanyp, 11-nji awgusta çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň