Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2024: Ýeňiş «Aşgabada» ýeňiş getirdi

20:0930.04.2024
0
1243

10-njy tapgyrda «Köpetdagy» ýeňip ruhlanan «Aşgabat» futbol topary şu gün paýtagtyň «Nusaý» stadionynda «Energetikden» hem üstün çykdy. Türkmenistanyň çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň açylyş duşuşygyň paýtaanowgtyň adybir futbol toparynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Aslynda, «Energetik» Resul Çopanowyň 31-nji minutda geçiren goly bilen öňe-de saýlandy. Ýöne myhman topar bu üstünligini diňe 79-njy minuda çenli gorap bildi. Şol minutda Şatlyk Gurbanow tapawutlanyp, ýer eýeleriniň adyna hasaby deňledi. 5 minut soňra bolsa Ýeňiş Seýdiýew «Aşgabadyň» ýeňiş goluny geçirdi.

Bassyr ikinji ýeňşi gazanan «Aşgabat» bu netije bilen ýaryşyň bäşinji ornuna çykdy. Toparyň bu orunda galyp-galmajakdygy ertir geçiriljek Balkan derbisine bagly. Çünki «Şagadam» bilen «Nebitçi» «Aşgabatdan» bary-ýogy 1 utuk yzda. «Energetigiň» bolsa 1 utuk bilen iň soňky orunda barýandygyny ýatladýarys.

Tapgyr ertir ― 1-nji maýda geçiriljek «Ahal» ― «Merw», «Nebitçi» ― «Şagadam» hem-de «Altyn asyr» ― «Arkadag» duşuşyklary bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň