Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Niderlandlar futbol boýunça hyzmatdaşlyk eder

12:2102.05.2024
0
13357

1-nji maýda Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Niderlandlaryň Patyşalyk Futbol Bileleşiginiň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly birinji duşuşyk geçirildi. Oňa türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Guwançmuhammet Öwekow, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow we Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow gatnaşdylar.

Niderlandlar Patyşalygyndan bu duşuşyga Patyşalyk Futbol Bileleşiginiň Baş sekretary Giýs de Ýong hem-de Bileleşigiň halkara tälimçilerini taýýarlamak boýunça bölüminiň direktory Maýkl wan der Star gatnaşdy.

Işjeň ýagdaýda geçen ilkinji duşuşyk iki ýurduň arasyndaky futbol gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen geljegi uly gepleşikleriň başlangyjydyr.

Duşuşykda, esasan, şu ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy:

Dowamly dialogy ýola goýmak:

Iki tarap hem netijeli we yzygiderli gepleşikleri ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. Futbolda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegi üçin yzygiderli aragatnaşyk saklamagyň ähmiýetine we zerurlygyna aýratyn üns çekildi.

Özara saparlary guramak:

Niderland tarapy Türkmenistana baryp görmäge taýýardygyny mälim etdi. Degişli wekiliýetiň Türkmenistana gelmegi futbol infrastrukturasy we okuw boýunça bilelikdäki taslamalary öz içine almak bilen ýerli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenmeklige şert döreder. Taraplar bilelikdäki taslamalaryň türkmen wekiliýetleriniň Niderlandlara saparlaryny hem öz içine aljakdygyny bellediler.

Tälimçileriň taýýarlygy we ösüşi:

Ara alyp maslahatlaşmagyň möhüm bölegi tälimçileriň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmäge bagyşlandy. Iki tarap hem Türkmenistanda futbol türgenleşikleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin bilimleri we terjibeleri paýlaşmaklygyň möhümdigini nygtadylar.

Alyş-çalyş maksatnamasy we tälimçilik okuwlary:

Oýunçylar üçin alyş-çalyş maskatnamalaryny we niderlandly hünärmenleriň gatnaşmagynda okuw sapaklaryny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle başlangyçlar Türkmenistanda futbol standartlaryny ýokarlandyrmak we iki ýurduň futbol jemgyýetçiliginiň arasynda özara düşünişmegi ösdürmek üçin möhüm hasaplanýar

Özara düşünişmek hakynda Ähtnama:

Hyzmatdaşlygy resmileşdirmek üçin ilkinji ädim hökmünde türkmen tarapy Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Patyşalyk Futbol Bileleşiginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Bu resminama anyk maksatlary öz içine alar we geljekdäki bilelikdäki taslamalar üçin esas döreder.

Duşuşygyň netijesi boýunça iki tarap hem futbol ulgamynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Teklip edilýän Ähtnama we geljekki saparlar Türkmenistanda futbolyň ösdürilmegine uly goşant bolup, netijeli hyzmatdaşlyga ýol açar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň