Soňky habarlar

Arhiw

Sarahs etrabynda gowaça ekişi tamamlanýar

11:2330.04.2024
0
8389

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda 18 müň gektar meýdana gowaça ekmek işleri tamamlanýar. Bu barada "Neýtralnyý Turkmenistan" gazeti habar berýär.

Bellenilişi ýaly, kärendeçiler, mehanizatorlar, degişli kärhanalaryň işgärleri bol hasyl almak üçin iň amatly möhletde bu möhüm oba hojalyk işlerini üstünlikli tamamlamak babatda ähli tagallalary edýärler.

Gowaça ekişiniň depgini sebitiň kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň güýji bilen ýokarlandyrylýar. Olaryň kömegi bilen güýzde sürüm, meýdanlary tekizlemek we beýleki oba hojalygy işleri öz wagtynda geçirildi. Ekişde tejribeli mehanizatorlar tarapyndan jemi 56 sany agregat peýdalanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy fewralda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, pagtanyň döwlet satyn alyş bahalarynyň ep-esli ýokarlandyrylmagy pagta öndürijileri has-da ýokary netijelilik bilen işlemäge ruhlandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň