Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň futbol ýygyndysy ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar

07:4730.04.2024
0
5626

Aziýanyň Kubogy U-23-iň ýarym finalynda Özbegistanyň ýaşlar milli ýygyndysy Indoneziýandan 2:0 hasabynda üstün çykdy. Bu ýeňiş özbek futbolçylaryny diňe bir finala çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, olara Parižde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hem hukuk berdi.

Bu taryhy netijä futbolçylar Husain Norçaýewiň (68-nji minut) golunyň we Pratam Arhanyň (86-njy minut) awtogolunyň netijesinde ýetdiler.

Finalda özbek futbolçylary Ýaponiýa - Yrak jübüdiniň ýeňijisi bilen duşuşarlar.

Olimpiýa oýunlary - 2024-iň çäklerinde futbol ýaryşy 24-nji iýuldan 10-njy awgust aralygynda geçiriler. Erkekler ýaryşyna dünýäniň iň güýçli 16 ýygyndysy gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň