Soňky habarlar

Arhiw

USAID Türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady

17:0329.04.2024
0
9541

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) alty sany surdoterjimeçisi üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady. 12-nji we 22-nji aprel aralygynda geçirilen bu sapar Türkmenistanda eşidiş ukyby pes bolan adamlara has-da gowy hyzmat etmekleri üçin surdoterjimeçileriň başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Ähli pudaklarda inkýuziwligi we elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen, USAID GSP TKKJ bilen hyzmatdaşlykda 2023-nji ýylyň iýun aýynda Surdoterjime Hyzmatlaryny ýola goýdy. Şondan bäri ýedi sany surdoterjimeçiler ýurduň her bir welaýatynda terjimeçilik hyzmatlaryny hödürläp, eşidiş ukyby pes bolan adamlaryň döwlet edaralaryna ýüz tutmaklaryna ýardam berip gelýärler. Bu hyzmatlaryň netijesinde eşidiş ukyby pes bolan ýüzlerçe adamlar döwlet edaralarynda resminamalara degişli hyzmatlardan peýdalanmaga, okuw jaýlarynda okamaga, işe girmäge, daşary ýurda syýahat etmäge mümkinçilik gazandylar. Mundan başga-da, bu surdoterjimeçiler öz işiniň gerimini giňeldip, 70-den gowrak adama mugt surdoterjimeçilik maslahatlaryny berdiler we raýatlaryň yşarat dili boýunça bilim-başarnyklaryny ösdürmeklerine goşant goşdular.

Surdoterjimeçileriň beren gymmatly ýardamyny göz öňünde tutup, USAID GSP Gazagystanyň “Jasnur” kerler jemgyýetçilik birleşmesi bilen okuw we tejribe alyş-çalyş saparyny gurnady. Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan bolan surdoterjimeçiler saparyň dowamynda yşarat dili boýunça okuw-maslahatlaryna gatnaşdylar we yşarat daktilologiýasy, barmaklap ýazmak, yşarat diliniň lingwistikasy, nazary we amaly terjimeçilik, dürli jemgyýetçilik-medeni gurşawlarda surdoterjimeçilik, şeýle-de teleýaýlymda, dispetçer hyzmatlarynda we onlaýn aragatnaşykda ulanylýan aýratyn usullar barada bilim aldylar.

Okuw saparynyň çäklerinde gatnaşyjylar Astana şäherindäki birnäçe ýerli edaralaryň, şol sanda Zähmet we Sosial gorag edarasynyň, Zähmet merkeziniň we “AST Astana Sosial Tehnologiýalar” jemgyýetçilik birleşmesiniň işleri bilen tanyşyp, olaryň wekilleri bilen duşuşdylar. Bu duşuşyklaryň dowamynda surdoterjimeçiler ikitaraplaýyn terjimeçilik bilen meşgullanyp, gymmatly amaly tejribeleri topladylar.

Surdoterjimeçiler täze öwrenen ukyplaryny we bilimlerini gündelik işlerinde ulanarlar we eşidiş ukyby pes bolan watandaşlarymyza has-da gowy hyzmat etmek üçin öňdebaryjy tejribeleri Türkmenistandaky beýleki surdoterjimeçiler bilen paýlaşarlar. Bu bolsa USAID-iň jemgyýetiň her bir agzasy üçin deň mümkinçilikleri we elýeterliligi öňe sürmekde Türkmenistanyň hökümetine berýän goldawyny görkezýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň