Soňky habarlar

Arhiw

Mary şäherinde daşky gurşawy goramaga bagyşlanan festiwal geçirildi

15:5029.04.2024
0
13501

28-nji aprelde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we Mary welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki «Bagtyýarlyk» seýilgähinde eko-festiwal geçirildi.

Festiwalyň geçirilýän meýdançasynda daşky gurşawy goramak boýunça stendler goýuldy, oýunlar we amaly maşklar geçirildi, oňa 1500 töweregi adam gatnaşdy.

Marydaky Amerikan burçy, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Mary welaýat bölümi, Bathyz döwlet goraghanasynyň wekilleri, ýerli medeni, bilim merkezleri we beýlekiler bu çärä hyzmatdaş hökmünde gatnaşdylar.

Festiwaly ABŞ-nyň ilçisi M.Klimow we Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary açdy.

Festiwal ABŞ-nyň ilçihanasy tarapyndan Türkmenistan hökümeti bilen bilelikde guralýan birnäçe daşky gurşaw çäreleriniň dowamyna öwrüldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň