Soňky habarlar

Arhiw

«Nebitmaş» DK-dan ýokary hilli elektrik goraýjylar, işlediji-söndürijiler, şkaflar we düzüm bölekleri

14:1529.04.2024
0
13849

Baý iş tejribesine hem-de ösen önümçilik tehnologiýalaryna esaslanýan «Nebitmaş» döwlet kärhanasy ýokary hilli elektrik önümlerini hödürleýär.

Elektrik tehniki senagaty üçin niýetlenen önümleriň giň haryt görnüşi şulary öz içine alýar:

- goraýjylar: elektrik zynjyrlaryny, elektrik simlerini we naprýaženiýe transformatorlaryny goramak üçin niýetlenen kwars çägeli we PN-2 PK goraýjylary (0,4 kW çenli nominal naprýažniýe we 100A, 250A, 400A, 630A nominal tok üçin);

- tok işlediji-söndüriji enjamlar: RPS 1-100A, RPS 2-250A we RPS 4-400A görnüşli bu enjamlar elektrik toguny awtomatiki ýapmak we açmak, şeýle hem gysga utgaşdyryjy toklardan goramak üçin niýetlenendir. Tok işlediji-söndürijiler elektrik paýlaýyş şkaflarynda, kommutatorlarda, gutularda we beýleki kuwwat paýlaýjy enjamlarda oturdylýar;

- paýlaýyş şkaflary: elektrik üpjünçilik ulgamlarynda elektrik energiýasyny almak we mundan beýläk hem paýlamak üçin niýetlenýär;

- düzüm bölekleri: R-1000 we RPS tok işlediji-söndüriji enjamlar, «şpilkalar», 1 kW çenli naprýaženiýeli transformatoryň giriş we çykyş kontaktlary.

«Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň önümleri ygtybarlylygyny we berkligini kepillendirýän önümçiligiň ähli basgançaklarynda berk hil gözegçiliginden geçýär. Kompaniýa yzygiderli innowasion işläp taýýarlamalaryny durmuşa geçirýär, önümçilik işlerini kämilleşdirýär hem-de önümleriniň häsiýetli aýratynlyklaryny ýokarlandyrýar.

Has giňişleýin maglumat almak ýa-da sargyt etmek üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69, (+993 12) 76 02 25 (faks).

Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2008-nji köçe (N.Pomma), 6-njy jaý.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň