Soňky habarlar

Arhiw

Nigeriýada ýoldaky dyknyşykda 100 ulag ýandy

13:0429.04.2024
0
8668

Nigeriýanyň günortasyndaky ulag dyknyşygynda benzin daşaýan ulag partlap, köpçülikleýin ýangyna sebäp boldy, 100-den gowrak awtoulag ýandy diýip, «Nation» gazetine salgylanýan «Vesti.ru» habar berdi.

Adatdan daşary ýagdaý ýurduň Port-Harkort şäheriniň günorta-gündogarynda boldy. Hadysanyň bolýan ýerinde ýol abatlaýyş işleri geçirilensoň, ulag dyknyşygy emele geldi.

Şaýatlaryň gürrüňlerine görä, benzin daşaýan ulag heläkçilige uçrady, netijede, ol partlady, ýangyn beýleki ulaglara geçdi. Ýangyny birnäçe sagatdan soňra öçürmek başartdy, emma eýýäm 100-den hem köp ulag ýanyp kül boldy.

Pida bolanlaryň takyk sany habar berilmeýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň