Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we Tatarystan 2023-nji ýylda söwda dolanyşygyny 13% ýokarlandyrdy

12:5329.04.2024
0
6080

Türkmenistan we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy 2023-nji ýylyň jemlerine görä söwda dolanyşygyny 13% ýokarlandyrdy. Bu barada TASS Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanowyň Metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

«Tatarystanyň öňdebaryjy kompaniýalary köp ýyllardan bäri Türkmenistanda üstünlikli işleýär. Geçen ýyl söwda dolanyşygymyz 13% ýokarlandy we 52 million dollar boldy» diýip, Rustam Minnihanow Aşgabatda Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda belledi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda gaz daşamak, nebit öndürmek, awtoulag, uçar we gämi gurluşygy, şeýle hem oba hojalygy we energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy artdyrmagyň mümkinçiligine garaldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 28-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramynyň dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowy kabul etdi. Tatarystanyň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, geçen ýyl Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri, Kazanda bolsa Halkara milli Medeniýet festiwaly geçirildi. Däp bolan medeni hyzmatdaşlyga laýyklykda, şu ýyl Tatarystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň