Soňky habarlar

Arhiw

Afinydaky dabaradan soň Olimpiýa alawy Fransiýa eltildi

12:2529.04.2024
0
7650

Fransiýa Gresiýanyň Olimpiýa geňeşinden 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň alawyny resmi kabul etdi. Oýunlar Parižde 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçer. Bu barada «Kazinform» habarlar gullugy habar berdi.

Alawyň gowşurylyş dabarasy XIX asyryň ahyrynda ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň geçen ýeri bolan Panatinaikos stadionynda boldy.

Olimpiýa alawy indi gämide Marsel şäherine alnyp gidiler. Ol bu fransuz şäherine 8-nji maýda eltiler, şondan soňra bütin ýurduň çägi boýunça alawyň estafetasy başlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň