Soňky habarlar

Arhiw

Ilon Mask Hytaýa bardy

11:2829.04.2024
0
7776
Ilon Mask Hytaýa bardy
Surat: gazeta.ru

Amerikaly işewür, «Tesla» awtoulag kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Pekine garaşylmadyk sapar bilen bardy. Bu barada Gonkongyň «South China Morning Post» gazeti habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Habarda Maskyň 4-nji maýa çenli dowam etjek «Auto China 2024» Pekin awtoulag salonyna gatnaşmagynyň mümkindigi bellenýär. Işewür sürüjisiz awtoulaglar bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakçy.

Ilon Mask saparyň ilkinji güni Hytaýyň Premýer-ministri Li Sýan bilen duşuşdy. Duşuşykda Sýan «Tesla» ulaglarynyň Hytaýdaky önümçiliginiň artdyrylmagyna iki ýurduň arasynda ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň nyşany hökmünde baha berýändigini nygtady. Bu barada «The Beijing News» gazetine salgylanýan «Iz.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň