Soňky habarlar

Arhiw

«AGG Lighting» dükany 60х60 LED panelleriniň köpdürli görnüşlerini alyjylara ýetirýär

10:5629.04.2024
0
10326

«AGG Lighting» müşderilerine amatly we energiýa taýdan tygşytly iş gurşawyny döretmäge ýardam etjek 60x60 sm ölçegli LED panelleri hödürleýär.

LED panelli yşyklandyryjylar — dürli jaýlary yşyklandyrmak üçin köptaraply saýlawdyr: myhmanhanalar, hassahanalar, ofisler, sport zallary, ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, uniwersitetler, döwlet we hususy edaralar we şm. Şunuň ýaly çyralaryň diňe biri yşyklandyryş zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen, giňişleýin meýdana ýagtylyk saçyp biler.

«AGG Lighting» dükanynda energiýa harajatlaryny ep-esli azaldyp bilýän lýuminessent lampalar bilen deňeşdirilende LED panelleriniň energiýa sarp edilişiniň 90% pesdigine aýratyn ähmiýet berilýär.

«AGG Lighting» dükanynyň assortimentinde 48 Wattdan 120 Watta çenli güýji bolan 60x60 sm ölçegli LED panelleriň 15 görnüşi bar. Reňk temperaturasynyň (ak, sary, krem) dürli-dürli bolandygy üçin olaryň kömegi bilen islendik ýagdaýa görä göwnejaý yşyklandyryşy döredip bilersiňiz.

Dükanda görkezilen LED panelleriniň ähli görnüşlerine iki ýyllyk kepilligiň berilýändigini bellemek zerurdyr.

Aşgabatda ýerleşýän «AGG Lighting» dükanynyň salgysy: G.Kulyýew köçesi, (ozalky Obýezdnoý), «Peýkam» binasy.

Telefon belgileri: (+993 61) 60 06 22, (+993 61) 60 06 23. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Fotoreportaž: «AGG lighting» dükanyna baryp, aýdyňlygyň we gözelligiň dünýäsine çuňňur aralaşyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň