Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda konkur boýunça milli ýaryş geçirildi

10:2827.04.2024
0
6127

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli düýn Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň ýapyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden atly bökmek — konkur bäsleşigi geçirildi.

Ýaryşa jemi 11 sany saýlama bedew gatnaşdyryldy. Atly sportuň konkur görnüşiniň düzgünlerine görä, atlar birinji tapgyrda 1 metr 10 santimetr beýiklikdäki päsgelçiliklerden böküp geçdiler. Päsgelçiliklerden iň az wagtda hem jerime almazdan ýa-da az jerime bilen böküp geçen, Milli atly sport merkezine degişli Atbasar (Seýitymam Seýidow), Türkmenistanyň milli atly sport federasiýasyna degişli Altynhan (Yhlas Çopanow) hem Toýçy (Ýazgeldi Garajaýew), Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Alamat (Möwlam Ballyýew), Hanaý (Annadurdy Hallyýew), Gudrat (Mergen Gurbanlyýew) hem-de Terbaş (Merdan Pirmyradow) ýaly bedewler bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bu tapgyrda badalgadan pellehana çenli goýlan päsgelçilikleriň beýikligi 1 metr 20 santimetre ýetirildi.

Şeýlelikde, bäsleşigiň 2-nji tapgyrynda üstünlikli çykyş eden çapyksuwar-türgen Seýitymam Seýidowyň erk eden Atbasar, Yhlas Çopanowyň erk eden Altynhan, Ýazgeldi Garajaýewiň erk eden Toýçy hem-de Mergen Gurbangulyýewiň erk eden Gudrat diýen bedewleri bäsleşigiň 3-nji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar. Bu tapgyrda päsgelçilikleriň beýikligi 1 metr 30 santimetre ýetirilip, 3 tapgyryň netijesi boýunça hiç hili jerime almazdan, bellenilen ugry 0,35.8 sekuntda geçen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby Ýazgeldi Garajaýew Toýçy diýen aty bilen 1-nji orna, bellenilen aralygy 0,37,5 sekuntda geçmegi başaran Yhlas Çopanow Altynhan atly akýal mele aty bilen 2-nji orna, bellenilen aralygy 8 jerime bilen 0,35.5 sekuntda geçen Seýitymam Seýidow Atbasar diýen atynda 3-nji orna mynasyp boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň