Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futzalçylary Belarusda uly hasaply ýeňiş gazandylar

09:3123.04.2024
0
3432

Belarus döwletiniň basybalyjylardan azat edilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli futzal boýunça geçirilýän halkara oýunlaryna gatnaşýan futzal boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy ikinji oýun gününde uly hasaply ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Minsk şäherinde ýerleşýän “Ratomka” sport-sagaldyş toplumynda geçirilen duşuşykda ýurdumyzyň milli ýygyndysy ýerli çempionatyň wekili “Ohrana-Dinamo” toparyndan 7:1 hasabynda üstün çykdy. Ýygyndy toparymyza ýeňiş getiren gollary Hamid Menglibaýew, Rahatmyrat Nepesow, Alişer Hudaýdergenow, Maksat Soltanow, Abdylla Nursähedow (2) we Kerwen Annaorazow öz atlaryna ýazdyrdylar.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz birinji oýun gününde Mogilýow şäherinde geçirilen duşuşykda Belarusyň milli ýygyndy toparyndan ýeňlişe sezewar bolupdy.

Halkara oýunlarynyň üçünji oýun gününde milli ýygyndymyzyň garşydaşy Belarusyň milli ýygyndysy bolar. 22-nji aprelde Minskdäki «Uruçýe» sport toplumynda geçiriljek bu duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20:00-da başlanar.

Halkara oýunlarynyň jemi boýunça baýrakly orunlara mynasyp bolanlar guramaçylar tarapyndan taýýarlanan baýraklar bilen sylaglanarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň