Soňky habarlar

Arhiw

22-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary

10:5722.04.2024
0
6454

7-nji iýulda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlaryny saýlamak üçin möhletinden öň ses berişlik başlar, «Galkanyň» hokkeýçilerine «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakyldy, «TEIF 2024-de» Derweze kraterinden metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň meselesi maslahatlaşylar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Mejlisi Aşgabat şäheriniň üç sany saýlaw okrugy boýunça deputatlaryň möhletinden öň saýlawlaryny belledi. Bu çözgüt 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda kabul edildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriler.

2. Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça forumda «Derweze» gaz kraterinden bölünip çykýan metanyň zyňyndylaryny azaltmagyň netijeli usulyny tapmagyň meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Çekişmeleriň dowamynda Türkmenistanyň hünärmenleri halkara guramalarynyň we kompaniýalarynyň öňdebaryjy bilermenleri bilen bilelikde uglewodorod serişdeleri gazylyp alnanda metanyň hem-de kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak baradaky garaýyşlaryny beýan ederler.

3. Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan edebi agşam geçirdi. Agşama köp sanly myhman ýygnandy, olar beýik şahyryň ömri we döredijiligi bilen tanyşdyryldy. Magtymgulynyň dünýäniň dürli dillerine terjime edilen goşgulary bu ýere ýygnananlarda uly gyzyklanma döretdi.

4. Aşgabatda 15 — 19-njy aprel aralygynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadada türkmenistanly talyplar üstünlikli çykyş edip, 10 sany altyn, jemi bolsa 43 medala mynasyp boldular. Ikinji orna 17 medal gazanan Russiýanyň topary mynasyp boldy, HHR-iň talyplary 10 medal bilen üçünji orny eýelediler.

5. Türkmen döwlet gurjak teatry 24 – 29-njy aprel aralygynda Ankarada geçiriljek «Kiçijik hanymlar, kiçijik jenaplar» atly 19-njy Halkara çagalar teatrlarynyň festiwalyna gatnaşar. Ankaradaky festiwal adatça 23-nji aprelde bellenilýän Çagalary goramagyň we Türkiýäniň milli özygtyýarlylyk gününe bagyşlanýar.

Dünýäde

6. Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew weýpleriň, elektron çilimleriň, şeýle hem olaryň suwuklyklarynyň we tagam berijileriniň satylmagyny, paýlanmagyny we mahabatlandyrylmagyny düýbünden gadagan edýän kanuna gol çekdi. Weýpleri gadagan etmek karary ilatyň, esasanam ýaşlaryň saglygyny düzüminde nikotin saklanýan maddalaryň ýaramaz täsirlerinden goramak maksady bilen kabul edildi.

Sport habarlary

7. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Galkan» hokkeý klubynyň oýunçylaryna we tälimçiler düzümine hormatly atlary dakdy. «Galkan» hokkeý klubunyň tälimçisi Meýlis Kuliýewe we onuň kömekçisi Ilýas Weliýewe «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakyldy. Olaryň ýolbaşçylygynda topar ýaryşda altyn medallara mynasyp boldy. Klubyň 17 hokkeýçisine «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakyldy. Resminama 15 — 20-nji aprel aralygynda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryşda gazanylan ýokary netijeler nazara alnyp gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň