Aşgabatda meşhur «Mavi» we «Altinyildiz Classics» brendleriniň iki sany egin-eşik dükanyndan ybarat taýýar işewürlik satuwa çykaryldy.
Dükanlar franşizasy, ygtyýarnamasy, ähli zerur enjamlary, mebelleri we häzirki haryt ätiýaçlygy bilen bilelikde satylýar.
«Mavi» – bu erkekler, zenanlar we çagalar üçin dürli moda egin-eşiklerini hödürleýän türk brendi. Bu brend ýokary hili, elýeterli bahalary we ajaýyp dizaýny bilen tanalýar.
«Altinyildiz Classics» – nusgawy erkek egin-eşiklerini öndürýän türk öndürijisi. Brend özüniň penjekleri, köýnekleri, jalbarlary, şeýle hem ajaýyp biçüwi we owadan dizaýny, ýokary hilli materiallardan taýýarlanylýandygy bilen tapawutlanýan beýleki egin-eşikleri bilen meşhurdyr.
«Mavi» we «Altinyildiz Classics» müşderileriň arasynda uly meşhurlyk gazanan abraýly brendlerdir.
Iki dükan hem «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda ýerleşýär.
Has giňişleýin maglumat almak üçin dükanlaryň wekili bilen (+993 62) 93 62 53 telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz.