Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasaryna berk käýinç berildi

01:3412.04.2024
0
31696

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Aşgabat şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary Gurbanow Baýrammyrat Myradowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün degişli Buýruga gol çekdi diýip,«Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, tabynlygyndaky düzümlere gözegçiligi gowşadandygy we Aşgabat şäherinde abadanlaşdyryş hem-de arassaçylyk işlerini geçirmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin, Aşgabat şäheriniň häkimi Gandymow Rahym Nurgeldiýewiçe berk käýinç yglan edilendigini hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegiň oňa soňky gezek duýdurylandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň