«Altyn Çaýhana» — bu diňe bir tagamly naharlaryň hödürlenýän ýeri däl. Bu hakydalara täsirli pursatlaryň ýazylýan, ynsanlaryň durmuşynda möhüm wakalaryň bolup geçýän ýeri. Bu ýerde ýegre dostlar başdan geçiren täsin wakalaryny paýlaşýarlar, ýaş juwanlar birek-birege söýgi sözlerini beýan edýärler, maşgalalar bolsa ýatdan çykmajak dabaralaryny baýram edýärler.
«Altyn Çaýhana» çaýhanasynyň ýetirýän hyzmatlary:
- 40 adam üçin özbaşdak VIP-zal. Altyn launge oturylyşyklary, maşgala dabaralaryny ýa-da ýokary derejedäki işewürlik duşuşyklaryny geçirmek üçin örän jaýdar ýerdir.
- 250 adam üçin niýetlenen toý zaly. Häzirki zaman audio hem-de yşyklandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan giň zal köp sanly myhmanlary garşy almaga ýardam eder.
- Altyn Paradise Garden tomusky eýwany. Şäheriň gohundan bir salymlyk dynçlykly gurşawa geçip, yssy tomsuň salkyn sergin howaly gijesinden lezzet almakda täsin ýerdir.
Bulardan başga hem, paýtagtyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary aşhananyň datly tagamlaryndan, ýokary derejeli hyzmatlaryndan, şeýle-de oňaýly gurşawdan diňe bir «Altyn Çaýhananyň» özünde däl-de, eýsem, eltip berme hyzmatyndan peýdalanyp hem lezzet alyp bilýärler.
Dabaranyň gerimine ýa-da myhmanlaryň sanynyň kändigine garamazdan, «Altyn Çaýhana» islendik göçme toý hyzmatlarynyň ähli guramaçylyk işlerini birkemsiz ýerine ýetirip berýär diýip, çaýhananyň wekili belleýär.
«Altyn Çaýhana» müşderilere ýewropa, türk, aziýa hem-de milli aşhanalaryň süýji tagamlaryndan ybarat bolan giň tagamnamany hödürleýär. Şeýle-de bu ýerden taýýar naharlary sargyt etmek mümkinçiligi bardyr.
«Altyn Çaýhana» — göwnüňe jaý dynç alşy saýlamak mümkinçiligiň!
Habarlaşmak üçin:
- ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 168-nji jaý;
- telefon belgileri: (+993 12) 94 11 61, (+993 12) 94 11 71, (+993 65) 72 37 46, (+993 65) 72 35 47, (+993 65) 65 53 10, (+993 65) 56 15 45;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.