Soňky habarlar

Arhiw

«Balşeker» haryt nyşanly önümler — Türkmenistanyň konditer bazarynda öňdebaryjy

16:0421.12.2023
0
45645

«Tibet Türkmen» hojalyk jemgyýeti tarapyndan öndürilýän «Balşeker» haryt nyşanly dürli görnüşli konditer önümlerine Türkmenistanda uly isleg bildirilýär. Işini 2010-njy ýylda ýola goýan kärhana süýjülikleriň önümçiliginde baý tejribe toplamak bilen, «Sagdyn ýaşaýyş üçin» diýen şygaryna yzygiderli eýerýär.

Häzirki wagtda kärhananyň birnäçe önümçilik ugurlarynda dürli hili zefir, marmelad, köke, miwe we gök önümli karamel, şeýle hem «guş süýdi», kisel, pufkorn, žele hem-de çörek önümleri öndürilýär.

Mundan başga-da, kärhana däneli ekinlerden taýýarlanylýan iýmitlik önümlerini öndürýär. Berhiz iýmitiň bu ugruna «Balşekeriň» iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegine täsir edýän ýarmalary we çörekleri girýär. Ýarmanyň düzümi: mekgejöwen, süle, çowdary uny, şeýle hem arpa, bugdaý we tüwi uny.

Hamyr tozy, krahmal, želatin, kakao, iýmit goşundylary, gury şokolad, bal, banan hem-de zefirli merşmellow ertirlikleri, iýmit süýümi, mekgejöwen, süle, maňyz, banan, wanil, mekgejöwen we bambuk taýajyklary, şeýle hem çagalar üçin niýetlenen «Kirpi» atly önümler alyjylar tarapyndan giňden sarp edilýär. Kärhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 6600 tonna önüm öndürmäge ukyply.

«Tibet Türkmen» kärhanasy şeýle-de hakyky kraft şokoladyny ilkinji bolup öndürýän türkmen kärhanasydyr.

Kärhananyň awtomatiki usulda işlemäge, şeýle hem önümleriň görnüşini yzygiderli täzelemäge mümkinçilik berýän dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa önümleriň öndürilmegine sanitariýa we arassaçylyk kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, ýokary hilli komponentleri yzygiderli üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň täsir edýändigini bellemelidiris.

«Balşeker» önümleri önümçiligiň ähli tapgyrlarynda öňdebaryjy dolandyryş usullary ulanylyp, nusgawy tehnologiýalar boýunça hiline ýokary derejede gözegçilik edilýän çig maldan öndürilýär. Hili we haryt görnüşi boýunça «Balşeker» önümleri degişli halkara sertifikatlary bilen tassyklanan häzirki zaman dünýä ülňülerine kybap gelýär.

«Tibet Türkmen» ýakyn wagtda Russiýa, Özbegistana, Azerbaýjana, Gyrgyzystana, Owganystana hem-de beýleki ýurtlara azyk önümleriniň eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Kärhananyň salgysy: Aşgabat ş., Büzmeýin etraby, Aýhan köçesiniň 7-nji jaýy.

Telefon belgisi: (+993 65) 55 10 36.

Elektron poçtasynyň salgysy: info@balsheker.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň