Turkmenportal logo
08.12.23
6692766927
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Altyn Asyr» täze 71-lik kod girizdi
«Altyn Asyr» täze 71-lik kod girizdi

Türkmenistanyň öýjükli «Altyn Asyr» milli operatory täze 71 koduny işe girizdi. Bu barada HHM habar berdi. Ozal bu ykjam operator diňe 61, 62, 63, 64 we 65 kodlary ulanýardy.


Täze tor kody boýunça halkara formatdaky telefon belgileri + 99371xxxxxx belgi bilen görkeziler. Ilatyň isleglerini we zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin täze tor kody işe girizildi. 71-lik bilen başlaýan tor kody, «Altyn Asyr» öýjükli operatorynyň ähli nokatlarynda elýeterli bahadan alyp bolar.


Ýeri gelende bellesek, «Altyn Asyr» milli operatory 2004-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň raýatlaryna hyzmat edýär.


Ozal «Altyn Asyr» milli operatoryň eSIM — wirtual belgi hyzmatyny hödürländigi barada habar beripdik.

Türkmenistanyň internet portaly