Türkmenistanyň Adalat ministrligi notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibini tassyklady. Resminama minjust.gov.tm saýtynda çap edildi.
Notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň tertibi «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 36-njy maddasyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we notariuslaryň sanyny we iş çägini kesgitlemegiň, olaryň ätiýaçdaky goruny döretmegiň we boş iş orunlarynyň dolmagyň tertibini kesgitleýär.
Resminamada bellenişine görä, Aşgabat, Arkadag şäherleri we welaýat merkezlerindäki şäherler boýunça - 30 000, etrap hukukly şäherler boýunça - 25 000, etraplar boýunça - 20 000 adam üçin bir hususy notariusyň wezipesi bolmaly.
Şeýlelik bilen, 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen ilat ýazuwynyň netijelerini göz öňünde tutup, 1,03 milliondan gowrak ilaty bolan Aşgabatda takmynan 34 hususy notarius işläp biler.
Şeýle hem, resminamada ýazylyşyna görä, hususy notariuslar ortaça aýda 300-400 notarius işini ýerine ýetirmeli. Hususy notariuslaryň edarasy iş çäginde ýerleşmelidir. Hususy notariuslaryň edara jaýlaryny iş çäginiň daşynda ýerleşdirmek gadagan.
Türkmenistan boýunça döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslarynyň sany we iş çägi Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň çäklerinden, hereketleriň sanyndan, ilat sanyndan hem-de döwlet notarial edarasyndan uzakda ýerleşýän ilatly ýerlerden ugur alnyp Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.