Soňky habarlar

Arhiw

«Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I oýny geçirildi

20:4022.11.2022
0
19054

2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň I oýny geçirildi. Mälim bolşy ýaly, bäsleşigiň bu ýylky möwsümine gatnaşmaga isleg bildiren mekdep okuwçylarynyň 300-den gowragy test synaglaryny tabşyrdylar. Synaglarda iň ýokary netijeleri görkezen mekdep okuwçylarynyň 64-si bäsleşigiň bu ýylky II möwsüminiň saýlama tapgyrlaryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň I oýny «Gadymy Marguşdan Parfiýa çenli: parahatçylyk sungatynyň siwilizasion ýörelgeleri» atly tema boýunça geçirildi.

I saýlama tapgyrynyň I oýnuna test synaglarynda ýokary netije görkezen mekdep okuwçylarynyň 16 sanysy gatnaşdy. Bäsleşigiň netijelerine görä, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite-sazçylyk mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Yhlas Hallyýew, Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Hezretaly Myradow, Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep internatynyň 11-nji synp okuwçysy Wepa Rozyýew hem-de Mary welaýatynyň Mary şäheriniň iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Dawut Gezerow I oýnuň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşyjylara hemaýatkär tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl- paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň I oýny ýakyn günlerde «Miras» teleýaýlymynda tomaşaçylara ýetiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň