Meksikanyň Milli antropologiýa we taryh institutynyň (INAH) arheologlary maýýalaryň Palenke şäher-döwletiniň harabalyklaryndan gadymy butuň kelle heýkelini tapdylar. Alymlaryň pikiriçe, ol mekgejöweniň hudaýyny şekillendirýär, ýaşy-da 1300 ýyla deň bolmaly. Bu barada Heritage Daily neşiri habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.
Tapyndynyň ýüz tarapy gündogara bakyp duran şekilde, adamlar munuň mekgejöweniň Günüň ilkinji şöhlelerinden güýç alyp ösýändigini aňladan bolmaly diýýärler.
Palenke döwleti VII-VIII asyrlarda öz gülläp ösüşiniň iň ýokary derejä ýeten döwrüni başdan geçiripdir, sebäbi saklanyp galan binalaryň aglabasy şu ýyllar bilen senelenýär. IX asyrda şäher ýykylypdyr, muňa duşman taýpalaryň çozuşlary sebäp bolupdyr.