... ýurdumyzyň futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogynda geçiren 87-nji duşuşygydyr. Şu hasap bilen, 19-njy iýunda Aşgabatda geçiriljek «Altyn asyr» ― «Dordoý» duşuşygy biziň toparlarymyzyň yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndaky ýubileý duşuşygy bolar.
... toparlarymyzyň yklymyň ikinji derejeli ýaryşyndaky 21-nji deňme-deňligidir.
... biziň ildeşlerimiziň garşydaş derwezelere 117-nji pökgini girizen duşuşygyna öwrüldi.
... ýurdumyzyň futbolçylarynyň Täjigistanyň toparlary bilen geçiren 13-nji duşuşygydyr. Şolaryň 9-sy «Istiklol» bilen geçirildi. Täjigistanyň çempiony bilen bäşinji duşuşygyny geçiren «Altyn asyr» şolaryň birinde ýeňiş gazandy, birinde ýeňildi, galan üç duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy.
... ýarym goragçy Selim Nurmyradowyň AFK-nyň kubogynda tapawutlanan ikinji duşuşydyr. Futbolçy yklym ýaryşynda ilkinji gezek geçen ýyl Inter-zolagyň finalynda KHDR-niň «April 25» topary bilen myhmançylykda geçirilen duşuşykda tapawutlanypdy.
... «Altyn asyryň» futbolçylary yklym ýaryşyndaky 44-nji pökgüsini geçirdiler. Bu pökgüler 26 duşuşykda geçirildi.