
AFK-nyň kubogy: 78 duşuşyk, 26 ýeňiş we başgalar
Şu makalamyzda 29-njy awgustda geçirilen «Altyn asyr» — «Bengaluru» duşuşygyndan soňra ýurdumyzyň futbol toparlarynyň we futbolçylarynyň AFK-nyň kubogyndaky käbir görkezijilerine ünsüňizi çekmek isledik.
Türkmenistanyň futbol toparlary şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda 78 duşuşyk geçirdiler, meýilnamada görkezilen 1 duşuşyk bolsa geçirilmedi.
Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:
26 duşuşykda ýeňiş gazandylar;
35 duşuşykda ýeňildiler;
17 duşuşyk deňlikde tamamlandy.
Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:
Garşydaş derwezelere 108 pökgi geçirdiler;
Öz derwezesine 122 pökgi goýbertdiler.
Türkmenistanyň futbol toparlary häzire çenli:
Şu wagta çenli AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşa Türkmenistandan 6 topar gatnaşdy. Olardan:
«Balkan» («Nebitçi») 5 gezek;
«Altyn asyr» 4 gezek;
«Nisa» 2 gezek;
HTTU («Ýedigen») 2 gezek
«Ahal» 2 gezek;
«Merw» bir gezek gatnaşdy.
Ýaryşda iň köp tapawutlanan türkmen futbolçylary:
1. Altymyrat Annadurdyýew, «Ahal» we «Altyn asyr» toparlarynda, 15 pökgi;
2. Myrat Ýagşyýew, «Altyn asyrda», 10 pökgi;
3. Mämmedaly Karadanow (karýerasyny tamamlady), HTTU we «Ahal» toparlarynda 7 pökgi.
Bellik: «Altyn asyryň» «Bengaluru» bilen geçiren iki duşuşygynda-da tapawutlanan Wahyt Orazsähedowyň häzir bu ýaryşda 3 goly bar.
AFK-nyň kubogynda iň köp tapawutalanan türkme toparlary:
1. «Altyn asyr», 21 duşuşykda 39 pökgi;
2. «Ahal», 18 duşuşykda 28 pökgi;
3. HTTU, 18 pökgi.
AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistanyň futbol toparlary daşary ýurt toparlary bilen näçe gezek duşuşdy?