Turkmenportal logo
14.09.2026
265265
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çaganyň kalbyndaky umyt — mugallymyň iň uly üstünligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda täze işe başlan günlerimi men häzir hem aýratyn duýgy bilen ýatlaýaryn. Mugallymçylyk kärine gadam basmak meniň üçin diňe bir täze iş ýerinde zähmet çekmek däl-de, eýsem, çagalaryň ykbalyna jogapkärçilik bilen garamak, olaryň her biriniň ýüregine ýol tapmaga çalyşmak diýmekdir. Men Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 2-nji kömekçi mekdep-internatynda dil düzediş mugallymy bolup zähmet çekýärin.

Şu asylly kärde zähmet çekmek bilen, ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, bilim-terbiýe almagy we jemgyýetde öz mynasyp ornuny tapmagy ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň şaýady bolýaryn. Şeýle mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin.

Mugallymçylyk — örän jogapkärli hünär. Esasan-da ýörite bilim we terbiýe zerur bolan çagalar bilen işlemek mugallymdan sabyrlylygy, mähirliligi, üns berijiligi hem-de hünär ussatlygyny talap edýär. Dil düzediş mugallymynyň işi bolsa bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki çaganyň öz pikirini söz arkaly beýan edip bilmegi, daş-töweregindäki adamlar bilen aragatnaşyk gurmagy, özüne bolan ynamyny artdyrmagy onuň gündelik durmuşynda uly ähmiýete eýedir.

Dil düzediş sapaklarynda her bir çaganyň aýratynlygyny nazara almaga çalyşýaryn. Bir çaganyň sözi aýdyň aýtmagy üçin has köp wagt gerek bolup biler, beýlekisi bolsa öz pikirini sözlem görnüşinde beýan etmekde kynçylyk çekip biler. Şeýle ýagdaýlarda mugallymyň esasy wezipesi çagany gyssamak däl-de, oňa ynam bermek, her bir kiçijik üstünligi hem wagtynda görüp, goldamakdyr.

Käbir ýagdaýlarda çaganyň ilkinji gezek bir sözi dogry aýtmagy ýa-da öz pikirini özbaşdak beýan etmegi mugallym üçin uly üstünlik bolup görünmezligi mümkin. Emma ýörite bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallym üçin şeýle pursatlar örän gymmatlydyr. Sebäbi şol kiçijik ädim çaganyň geljekde has uly üstünliklere tarap ynamly gadam urmagyna ýol açýar.

Biz işimizde çagalar bilen dürli türgenleşikleri, gepleşik oýunlaryny, suratlar arkaly sözlemleri düzmegi, sesleri dogry aýtmak boýunça maşklary peýdalanýarys. Şeýle sapaklarda çaganyň diňe bir gepleýiş ukybyny däl, eýsem, onuň ünsüni, ýadyny, pikirlenişini we aragatnaşyk başarnygyny hem ösdürmäge çalyşýarys. Iň esasy zat bolsa, sapagyň dowamynda çaganyň özüni erkin we ynamly duýmagyny gazanmakdyr.

Mugallymyň işiniň netijesi diňe sapakda däl, çaganyň gündelik durmuşyndaky özgerişlerde-de görünýär. Öň öz pikirini aýtmakdan çekinen çaganyň kem-kemden arkaýyn gürläp başlamagy, deň-duşlary bilen aragatnaşyk saklamaga synanyşmagy, sapaklara höwes bilen gatnaşmagy — bular zähmetiň iň gymmatly miwesidir.

Türkmen halkynda çaga aýratyn hormat goýulýar. Çaganyň bagtyýar geljegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň saglygyny goramak, bilim we terbiýe almaklary üçin zerur şertleri döretmek, aýratyn alada we goldawa mätäç çagalary hemmetaraplaýyn goldamak ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Şeýle ynsanperwer işleriň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işlerini aýratyn belläsim gelýär. Bu gazna Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredildi. Gaznanyň esasy maksady howandarlyga mätäç çagalara kömek-goldaw bermek, olaryň saglygyny dikeltmäge we durmuş şertlerini gowulandyrmaga ýardam etmek bilen baglanyşykly ynsanperwer işleri amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Gaznanyň alyp barýan işleri halkymyzyň gadymdan gelýän sahawatlylyk, rehimdarlyk we birek-birege goldaw bermek ýaly asylly ýörelgeleriniň häzirki döwürde täze mazmun bilen dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gazna tarapyndan howandarlyga mätäç çagalaryň dürli zerurlyklary bilen bagly kömekleriň berilmegi olaryň we maşgalalarynyň durmuşynda uly ähmiýete eýedir.

Gaznanyň işiniň diňe bir ýurdumyz bilen çäklenmän, ynsanperwer häsiýete eýe bolýandygy hem guwandyrýar. Mysal üçin, 2026-njy ýylyň martynda gaznanyň adyndan goňşy Eýran halkyna, ilkinji nobatda, çagalara derman serişdeleri we saglygy goraýyş maksatly önümler iberildi. Bu bolsa türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň halkara derejesinde hem dowam etdirilýändigini görkezýär.

2026-njy ýylyň ýanwar aýynda gaznanyň resmi web-saýtynyň işe girizilmegi hem onuň işleriniň açyklygyny we elýeterliligini üpjün etmek ugrunda möhüm ädim boldy. Resmi çeşmede bellenilişi ýaly, web-saýt Türkmenistanyň raýatlary we halkara hyzmatdaşlary üçin gaznanyň alyp barýan işleri barada maglumat almaga mümkinçilik döredýär.

Biz mugallym hökmünde şeýle asylly işleriň ähmiýetine her gün diýen ýaly göz ýetirýäris. Çaga üçin diňe bir lukmançylyk ýa-da maddy kömek däl, eýsem, mähirli söz, sabyrlylyk, üns we ynam hem örän zerurdyr. Şonuň üçin mugallym bilen çaganyň arasyndaky ynamly gatnaşyk terbiýeçilik işiniň esasy şertleriniň biridir.

Her bir çaganyň özboluşly dünýäsi bar. Şol dünýä düşünmek, çaganyň başarnygyny ýüze çykarmak we onuň mümkinçiliklerine ynanmak mugallymyň mukaddes borjudyr. Biz çaganyň kemçiligine däl-de, onuň başarmaga ukyply taraplaryna üns bermelidiris. Çünki dogry berlen goldaw çaganyň özüne bolan ynamyny artdyrýar.

Meniň üçin mugallymçylyk käriniň iň uly manysy hem şunda. Çaganyň ýüzündäki şatlyk, onuň sapakda gazanan kiçijik üstünligi, özbaşdak aýdan ilkinji sözlemi — bularyň ählisi mugallymyň zähmetine berilýän iň uly bahadyr.

Men geljekde-de öz kärime yhlas bilen çemeleşip, bilim we terbiýe ulgamynda döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, çagalaryň ösüşine öz mynasyp goşandymy goşmaga çalyşaryn. Çünki bagtyýar çaga — Watanymyzyň ýagty geljegidir. Şol bagtyýar geljegi kemala getirmekde bolsa her bir mugallymyň paýyna uly we hormatly wezipe düşýär.

Goý, ýurdumyzda çagalaryň gülküsi, arzuwlary we umytlary hemişe belent bolsun! Goý, her bir çaga öz mümkinçiliklerini doly açyp, jemgyýetde mynasyp ornuny tapmaga mümkinçilik alsyn! Biz — mugallymlar bolsa şol ýagty geljege tarap barýan çagalaryň ýolunda olara bilimimiz, zähmetimiz we mährimiz bilen ýoldaş bolalyň.

 

 Enejan WEPAÝEWA, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 2-nji kömekçi mekdep-internatynda dil düzediş mugallymy