Turkmenportal logo
03.01.26
7094570945
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2026-njy ýylyň sport çäreleriniň senenamasy

Ýetip gelen 2026-njy ýyl sport senenamasynda iň işjeň ýyllaryň biri boljmagy wada berýär. Sporty söýüjilere iri halkara ýaryşlary, şol sanda gyşky Olimpiýa oýunlary we täzelenen formatda futbol boýunça dünýä çempionaty garaşýar.

Ýanwar

18-nji ýanwar – 1-nji fewral

Melburnda tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionaty geçiriler. Bu möwsümiň ilkinji «Uly tuwulga» ýaryşydyr.

29-njy dekabr – 6-njy ýanwar

Germaniýada we Awstriýada däp bolan Dört tramplin ýaryşy geçiriler. Lyžada tramplinden bökmek boýunça ýaryşlar Oberstdorfda, Garmiş-Partenkirhende, Insbrukda we Bişofshofende geçiriler.

3 – 17-nji ýanwar

Saud Arabystanynda geçiriljek «Dakar» rallisi dünýäniň iň gowy sürüjilerini iň kyn awtoulag ýaryşlarynyň birinde bäsleşmek üçin bir ýere jemleýär.

9 – 11-nji ýanwar

Polşanyň Tomaşuw-Mazoweski şäherinde konkide typmak boýunça Ýewropanyň çempionaty geçiriler.

26-njy dekabr – 6-njy ýanwar

ABŞ-niň Sent-Pol şäherinde ýaşlaryň arasynda şaýbaly hokkeý boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Fewral

7-nji fewral – 8-nji mart

Hindistanda we Şri-Lankada T20 formatynda kriket boýunça erkekleriň arasynda dünýä çempionaty geçiriler.

6 – 22-nji fewral

Italiýanyň Milan we Kortina-d'Ampesso şäherlerinde XXV gyşky Olimpiýa oýunlary geçiriler. Türgenler 16 sport görnüşi boýunça 116 medal toplumy ugrunda bäsleşerler. Olimpiýa maksatnamasyna ilkinji gezek ski-alpinizm sporty girizildi. Bu Oýunlara bitarap statusly birnäçe türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

9-njy fewral

Täze Orleanda Demirgazyk Amerikadaky iň iri sport çäreleriniň biri bolan Milli futbol ligasy – Super Bowl LX çempionatynyň finaly geçiriler.

Mart

5 – 17-nji mart

Ýaponiýada, Puerto-Rikoda we ABŞ-de beýsbol boýunça üçünji Nusgawy dünýä ýaryşy geçiriler. Bu halkara beýsbol ýaryşlarynyň iň abraýlylarynyň biridir.

6 – 13-nji mart

Milanda we Kortina-d'Ampessoda gyşky Paralimpiýa oýunlary hem geçiriler.

23 – 29-njy mart

Çehiýanyň paýtagty Pragada figuralaýyn typmak boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Aprel

9 – 12-nji aprel

ABŞ-nyň Jorjiýa ştatyndaky «Augusta National Golf Club» klubunda däp bolan golf ýaryşy — The Masters geçiriler. Bu golf boýunça dört sany «Uly tuwulga» ýaryşynyň ilkinjisidir.

Maý

11-nji maý – 1-nji iýun

Parižde tennis boýunça ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy bolan «Rolan Garros» başlaýar. Bu 2025-nji ýylda karýerasyny tamamlan meşhur ispaniýaly tennisçi Rafael Nadalyň gatnaşmazlygynda geçiriljek ilkinji ýaryş bolar.

Iýun – iýul

11-nji iýun – 19-njy iýul

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionaty birbada üç ýurtda: ABŞ-de, Kanadada we Meksikada geçiriler. Taryhda ilkinji gezek ýaryşyň final böleginde adatdakysy ýaly 32 däl-de, 48 sany milli ýygyndy topar bäsleşer. Dünýä çempionaty rekord derejede 37 gün dowam eder.

23-nji iýun – 6-njy iýul

Beýik Britaniýada ýeňil atletika boýunça Ýewropanyň çempionaty geçiriler, onda 50 medal toplumy ugrunda bäsleşiler.

23-nji iýul – 2-nji awgust

Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde Arkalaşygyň oýunlary geçiriler. Çempionat para-türgenler üçin 10 sport görnüşi boýunça rekord derejede 47 medal toplumy üçin  ýaryş ugurlaryny öz içine alar

Sentýabr-oktýabr

5 – 13-nji sentýabr

Bahreýnde göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler, onuň dowamynda boýunça grek-rim, erkin we zenan göreşleri boýunça iň ökde türgenler duşuşarlar.

19-njy sentýabr – 4-nji oktýabr

Ýaponiýanyň Aiti prefekturasynyň merkezi bolan Nagoýa şäherinde 20-nji Aziýa oýunlary geçiriler. Ýaponiýa 1958-nji ýylda Tokiodan we 1994-nji ýylda Hirosimadan soň, Aziýa oýunlaryny üçünji gezek kabul edýär. Oýunlaryň maksatnamasyna 43 sport görnüşi, şol sanda 11 medal ugrunda ýaryşlary bolan kibersport görnüşi hem girizildi.

Oktýabr – noýabr

31-nji oktýabr – 14-nji noýabr

Senegalyň Dakar şäheri Afrika yklymynda ilkinji gezek geçiriljek ýetginjekleriň arasynda tomusky Olimpiýa oýunlaryna ýer eýeçiligini eder. 15 – 18 ýaş aralygyndaky 2700-e golaý türgen sportuň 25 görnüşi, şol sanda breýking, skeýtbording, sport daga dyrmaşmagy, serfing we karate boýunça bäsleşerler.

Dekabr

Dekabr (takyk senesi anyklanylýar)

Hytaýyň Ninbo şäherinde agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

26-njy dekabr – 2027-nji ýylyň 6-njy ýanwary

Kanadada şaýbaly hokkeý boýunça ýaşlaryň arasynda dünýä çempionaty geçiriler.