
Aýna — bezegde häzirki günüň we geljegiň üýtgemejek ajaýyp materialy hasap edilýär. Ol binagärleriňdir dizaýnerleriň öňünde giň mümkinçilikleri açýar, ony dekoryň özbaşdak elementi hökmünde-de, beýleki materiallar bilen sazlaşdyryp hem ulanmak bolýar.
Uniwersal häsiýetli materiala, ilki bilen, dürli hili göwrümi bermek, şeýle-de oňa islendik reňki saýlamak bolýar, ol ýene bir tarapdan ekologik häsiýetlidir, köp maksatlar üçin peýdalanyp bolýandyr hem-de interýerde görnüşi taýdanam çylşyrymlylygy döretmeýär.
«Anyk teklip» kärhanasynyň tejribeli hünärmeni interýerde aýnany özbaşdak bezeg hökmünde peýdalanmagyň usullary barada gürrüň berdi.
Aýna gapylar — içerki gurşawy bezemekde iň meşhur usullaryň biri. Häzirki zaman önümçilik tehnologiýalary aýna örtüginden taýýarlanýan bezeglerde köpdürli görnüşleri hödürleýär:

Surat: ru.freepik.com
Aýnadan döredilýän aralyk diwarlary köplenç halatda ofisleriň gurşawynda aýratyn ýer bölegini döretmekde ulanylýar. Ýöne, şeýle gurluşa adaty otagda hem laýyk geljek orun tapyp bolar. Mysal üçin, studiýa-otagy ýa-da duşly otagy ýatylýan otagdan şu aralyk aýna diwary arkaly aýrybaşgalaşdyrsa bolar.
Basgançaklar we aýna gyra çäkleri — bu usul kottej jaýlarynyň ýaşaýyş gurşawyny bezemekde iň bir täsirli usul hasaplanýar. Onsoňam, bu hili maksat bilen adaty aýnalar däl-de, eýsem berk tripleks aýnalary (köpgatly aýnalar) ulanylýar.
«Anyk teklip» kärhanasy interýerde aýnany ulanmagyň mümkinçiliklerine şulary degişli edýär:
Emma şunuň bilen birlikde, aýnanyň käbir kemçiliklerine hem üns bermelidir:
Surat: ru.freepik.com
«Anyk Teklip» kärhanasy müşderilere aýnany gaýtadan işlemek we aýna gurluşlaryny öndürmek boýunça döwrebap çözgütleri we häzirki zaman tehnologiýalary hödürleýär. Muňa laýyklykda bolsa Türkmenistanyň ýaşaýjylary aýna gurluşlaryny we dizaýn görnüşlerini islendik göwrümde saýlamakda çäksiz mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler.
«Anyk Teklip» kärhanasynyň önümçiliginiň giň haryt görnüşlerine alýumin we plastik aýna hem-de gapy çarçuwalary, aýna paketleri, duş kabinalary we aşhana örtükleri üçin berk aýnadan taýýarlanan gapylar, reňkli aýnalardan ýasalan witražlar, ýüz görülýän aýnalar degişli.

«Anyk Teklip» kärhanasynyň ýerleşýän salgysy: Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Gämi geňeşligi, Senagat zolagynyň çägi, Zergär köçesiniň 3-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 59 57 79, (+993 61) 94 07 07.
Elektron poçta salgysy: anykteklip@mail.ru.
Sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Peýdalanylan çeşmeler: glasstroy.ru; srbu.ru; vc.ru
Şeýle-de okaň: